Öwrenje awtorlar üçin - STEEMIT blokçeýn puluny gazanmanyň gollanmasy.

in #steem5 years ago

DAWID KADAWY (DAVID KADAVY)
Öwrenje awtorlar üçin - STEEMIT blokçeýn puluny gazanmanyň gollanmasy.
Ýanwar 30 2018 – 05:14 PM
Orginal makala adresi : https://steemit.com/steem/@kadavy/a-writer-s-guide-to-making-money-on-the-steem-blockchain-for-beginners

[Täzeleme: Iýun 4, 2018] bu kyssanyň ýörginli/populýar bolmagy sebäpli sähelçe täzelikler/goşmaçalar girizildi – we bu bir kitap şeklinde hem taýarlandy. Muny Amazon’da (https://www.amazon.com/Make-Money-Writing-STEEM-Blockchain-ebook/dp/B07CYJM1JB/?tag=kadavyinc-20) Kindle, çap edilen ýada sesli kitap formatlarynda edinip bilersiňiz. Aslynda sesli kitap formatyny mugt elde edip bilersiňiz egerde siz täze müşderi bolsaňyz(https://www.amazon.com/Make-Money-Writing-STEEM-Blockchain/dp/B07D85GPKB/?tag=kadavyinc-20).
Günümiz mediýa klimaty internet ulanyjylaryna gereksiz we asylsyz habarlar satmakda we toplamakda, manyly ýazuwlar ýazmak üçin kän bir ýol hem ýok. Kitaplar, makalalar üçin pul almanyň iň halal ýoly hasaplanýan hem bolsa köp wagtym aýlar, ýyllar dowamynda çap edilen kitaplarym (https://www.amazon.com/David-Kadavy/e/B005310790/ ) üçin töleg gününe garaşmak bilen geçdi. Iň azyndan meň üçin şeýle. Soňra STEEM’i keşpettim, bu bir kriptowalýuta edil Reddit’e meňzeş sosýal torlara güýç berýär, STEEMIT(https://steemit.com/ ).

<<Döredijilik ukybyňyzy 4’e gatlamak isleseňiz ine size meniň mugut gurallarym uçin bu ýere basyň>>
Steemit’e goşulanyma bir ýyla ýakyn wagt boldy, bu bir awtor we audio gürrüňdeşliklerini (https://kadavy.net/blog/archive/love-your-work/ ) taýarlaýan bir adam üçin bir girdeji çeşmesine öwrüldi. 2017 ýyly boýunja 2000 $ töweregi girdeji aldym. Indi has hem artyp başlady. Soňky hepdede
steem-1025-dollar-deposit.png
1000$ töweregi puly nagta öwürdim. Iki hepde öň (https://twitter.com/kadavy/status/949661084511821825 )ýene 1000$ töweregi nagta öwürdim. Şunlukda şuwagt 2017 gazanjymdan köp gazandym. Häzirlikçe hasabymda (https://steemit.com/@kadavy/transfers ) 12000$ töweregi pulym bar. (soňyrrak munuň entäk doly gazanç däldigini düşündirjek)
steem-account-value.png

Pul nireden gelýär we eserleriňiz, ýazgylaryňyz üçin STEEMIT üstünde nädip pul gazanyp bolýär. Inşalla bu makalamda bu temanyň esaslaryny düşündirip bilerin.
Başlamakam şulary bek belläň:

  • Eger gowy awtor bolmasaňyz pul gazanmaňyz hiç hem aňsat bolmaz. Steemit üstünde makala taýarlamak sizi birden baýatmaz. Men makalalarymyň we okaýjy toparymy taýarlamak üçin on dört ýyldan bäri işleýärin, Steemit üstünde bolsa bir ýyldan gowrak işleýärin. Döredijilik ukybyňyz meniň ukybymdan has beýik bolyp biler, belki maňa garanda has çalt öwrenersiňiz, ýöne üns beriň bu işe göwünsiz ýapyşsaňyz diňe wagtyňyzy sarp edeniňiz bilen galarsyňyz.
  • Steemit hakynda esasy tankytlardan biri bolsa bu gyran degen zadyň [is that it’s f*cking confusing] gaty çylşyrymly boluşydyr. Bu dogrydyr, bu “ýöremez” diýmek däldir. Şu wideony (Good Morning America hosts trying to understand the Internet
) görseňiz bir topar adamyň çylşyrymly zatlary nädip ulanylşyny öwrenişini hatta bu zatlara düşünip bilşine göz ýetirersiňiz.
  • Steemit üstünde pul gazanmak üçin minimum gerek zatlara düşünmäňiz üçin hemme zady sadalaşdyryp aýtjakdyryn. Eger maňa meňzeýän bolsaňyz birzady öziňiz ýerine ýetirseňiz has gowy öwrenýän adamlardan biri bolduguňyzdyr. Hakyky durmuş ykdysady mehanizmlerini janlandyrmak üçin köp çylşyrymlylyklar STEEMIT içine ornaşdyrylandyr. LeBron James’iň basketboly gowy oýnamasy üçin fisikadan alymlyk derejesi oňa gerek däl – siziň hem Steemit’de makala taýarlap pul gazanmaga başlamak üçin STEEM’iň her bir ädimini bilmäge mejburiýetiňiz ýok. Eger STEEM’iň işleýişini çuňňur öwrenmek isleseňiz bu makala size görä däldir. Munuň ýerine STEEM Ak Sahypasyny (https://steem.io/SteemWhitePaper.pdf ) okamaga başlap bileriňiz.
  • Tehniki nukdaý nazardan seretseňiz käbir zady garym gatym edýäne meňzäp bilerin. Ýöne bu öwrenjeler has gowy düşünip bilsin diýip maksadly edilýändir. Bu makalanyň Steemit üstünde makala taýarlap pul gazanmagy öwrenýänler üçin gollanmadygyny ýattan çykarmaň. Käbir wagtlarda ýalňyşyp bilerin. ( Programma üpçünçiligi inženeri taýarlygym ýok, STEEM’iň nähili işleýändigini hemme taraplaýyn düşündirip bilmerin). Düzedişleriňize we teswirnamalaryňyza hemişe açykdygymy biliň ýeter.
  • STEEM kriptowalýutasyna maýa goýum edip bilersiňiz. Hatta Steemit üstünde makala taýarlamak üçin wagtyňyzy sarp edip bilersiňiz. Goýan sermaýaňyzy we sarp eden wagtyňyzy ýitirip bilersiňiz. Bu maýa goýum maslahaty däldir. Öz gözlegleriňizi ediň, puluňyzy we wagtyňyzy nähili sarp etjegiňize özüňiz karar beriň.
  • Eger STEEMIT’e (https://steemit.com/pick_account ) gatylsaňyz, meni yzarlaň ( https://steemit.com/@kadavy ), eden işlerime berekella(upvote) aýtsaňyz menem köpräk STEEM gazanaryn. Bular belli bir ýerde maňa ylham boljagy üçin aýdýaryn. Belki bu Steemit başlangyç gollanmasy üçin minnetdar bolarsyňyz we meniň hasda köp STEEM gazanmamy islärsiňiz. Size bagly we gözel göwniňiz dostlar.
  • Steemit’de gazanan pullaryňyz nireden gelýär?

    STEEM hakynda gürrüň bolanda hemişe şu soragy sorardym “pul nireden gelýär?”. Gysga jogap STEEM bir kriptowalýuta, Bitkoin(Bitcoin) ýaly, açyk bazarda söwdasy edlýär, onuň hümmetini şu tablissadan( https://coinmarketcap.com/currencies/steem/ ) bilip bilersiňiz. Men Steemit’e gatylan wagytlarym STEEM’iň bahasy 14 sent töweregindeýdi. Ýaňy ýakynda bolsa 7$ nyrhyň üstüne bökdi. STEEM’iň nähili hümmetlenýändigini onuň köp kriptowalýutanyň bahasyny ozup geçişinden bilmek bolýar.
    ()
    Pul nireden gelýär soragyna uzyn jogap STEEM’iň blokçaýn tehnologiýasy üstüne gurnalan bir kriptowalýuta boldugydyr. Steemit bolsa blokçaýn üstüne gurnalan sosiýal tor. STEEM blokçaýn bolsa bütin ýazylaryň, teswirleriň (comment), berekellalaryň (upvote) we STEEM transaksiýalarynyň saklanýan maglumatlar gorydyr (database). Ynsanlaryň STEEM bilen açyk marketde söwda etmesiniň belli bir hümmeti bu ýerden gelip çykýar. Ýöne görüşiňiz ýaly STEEM’in Steemit sosiýal torynda özine mahsus hümmeti bardyr. Şu parçalary düşündirmäme ruhsat ediň.

    STEEM MERKEZ-BAGYMSYZ BIR BLOKÇAÝNDIR (YNHA MANYSY)

    STEEM blokçaýni hany aýdaly Facebook’yň maglamut gory (database) ýaly serwerlarda tutlmaýar. Muny “merkezleşdirilen” model diýip eşiden bolmalysyňyz. Facebook bu maglumat gorunyň eýesi we ony kontrol edip bilýär, belki ertir gerek görse hemmesini öçürip bilýär. Munuň ýerine STEEM maglumat gorynyň bir kopýasy dünýa boýunça komýuterlerde saklanýar we database kopýalary birbiri bilen deňeşdirilip täze ýagdaýda tutulýar. Buny bolsa merkez-bagymsyz model diýip eşiden bolmalysyňyz. Informasýany ýeke bir subýekt kontrol etmez.
    Bu database sezurlap bolmaýar sol sebäpli Twitter ýada Facebook ýaly uly torlar uly problema hökminde garalýar. Isleýän hemme kişi STEEM blokçaýn ulanyp programma üpçinçiligini döredip biler, şonyň üçin Steemit’de (https://steemit.com/) gören zatlarymyzyň takyk kopýasy Busy.org’da (https://busy.org) da bardyr. (Bu ýazy boýunça kriptowalýuta ýerine STEEM tor ýerine Steemit sözüni ulanjakdyryn)

    STEEMIT HEMME SOSISÝAL TORLAR ÝALY JEMGIÝET TARAPYNDAN DÖREDILENDIR.

    Twitter, Facebook we Steemit hemmesi hem bir kollektif proýektlerdir, uly bir bag ýaly. Twitler twitlenýär we gaýtadan twitlenýär. Facebook gruppalary döredýar, döredilen ýazgylar laýk(like) alýar, kollektif peýda alýar, Steemit makalalary paýlaşylýar, berekella alýar we teswirlenýar. Bu torlary näçe köp adam ulansa şonçada hümmetlenýär, uly bir bag ýaly näçe köp tohum ekilse,suw çeşmeleri gurulsa, haşal otlar aýrylsa şonça da köp miwe getirýär.
    Kollektif proýektleriň eýesi kim? Söz Twitter we Facebook hakynda bolsa eýesi paýçylardyr (aksionerler). Eger söz Steemit hakynda bolsa eýesi jemgiýetdir, Twitter we Facebook’da ekin eken ýeriň bahasyny hasyl bilen tölemeli. Twitter we Facebook ulanyjylary öz proýeklerine eden goşantlarynyň kompensasiýasy diňe platformany ulanmakdan alan hezzeti ýada göreni öwreneni oňmalydyr. Sebäbi Twitter we Facebook bu stimuly aýakda tutmak üçin ösüşe gerekli bolan serişdäni we platformany janly tutmanyň bir ýolyny tapmaly. Bu esasan hem reklama satmak ýoly bilen bolýar.
    Söz Steemit hakynda bolanda bu jemgiýet proýektiniň bir bölegi platformany ulanýan şahyslar tarapyndan kontrol edilýär. Bitkoin kriptowalýutasynyň çylşyrymly hasaplamalaryny çözmek(mining : şahtarçylyk) üçin ägirt köp kompýuteryň ençeme elektrik guýç sarp edýändigini belki bilýänsiňizdir. Steemit’de bolsa şahtarçylyk (mining) edilen hereket’ler arkaly amala aşyrylýar. Haçanda bir makala ýaýlyma goýlanda, berekella edilende, teswir edilende STEEM döredilýär we gatnaşyjylara dagydylýar.
    Ýazan makalaňyz ýada bir makala üçin eden teswirnamaňyz üçin STEEM gazanyp bilersiňiz. Ýada makala üçin diňe bir “berekella” (upvote) “aýdyp” hem pul gazanmaňyz mümkin: Berekella aýdan makalaňyz soňradan köp berekella alsa siz “kurator”/”baştutan” hökminde hasda köp gazanarsyňyz. Bir Steemit poçtasynyň/makalasynyň ýanynda görýän tahmini dollar mukdaryňyz şol poçta/makala üçin awtoryna kuratorlaryna beriljek STEEM ( dollarda ) mukdarydyr. Eger bir porgramma üpçünçiligi ulanylan bolsa ony taýarlanlar hem gazanyp bilerler.
    Gazanylan STEEM derrewjek harçlanyp bolmaýandyr. Bu ýerde STEEM diýenimde ýene başka bir maynsynyň bardygyny bellemek isleýärin. Eger birinji gezekde, ikinji gezekde, onunjy gezekde düşinmeseňiz hem alada etmaň, sebäbi bu iş edil şu ýerden başlap hasda çylşyrymly bolmaga başlar.

    STEEM GÜÝJI HASDA KÖP STEEM GAZANMAŇYZA KÖMEK EDER

    Birinji gazanjagyňyz zat STEEM Güýç’dir, we buda Steemit’de täsiriňizi hasda artdyrar. STEEM Güýjüňiz näçe köp bolsa makalalaryňyz, berekellaryňyz üçin has köp STEEM (her görnişinde) gazanarsyňyz. Bir makala üçin berekella beren ýagdaýyňyzda şol makalanyň awtory – sizden öň berekella beren hemme kişi beýlekilere görä köp pul gazanar, sebäbi täsirli (eger siziň STEEM Güýjiňiz köp bolsa) gatnaşyjy berekella berdi.
    Görüşiňiz ýaly STEEM Güýç möhim we ... güýçli. STEEM Güýç basym harçlanyp bolmaýar, muny belläň. Harçlamak üçin “Güýç Peselt” işini etmeli (power down). Ondan soňra siziň STEEM Güýjiňiz harçlanylyp boljak STEEM žetona öwrüler. Şu makala ýazylýan wagty, güýç peselt işini başladandan soňra 13 hepde dowamynda her hepde on üçde bir STEEM Güýjiňiz STEEM žetonyna öwrilýärdi (bu iki ýyldan bäri şeýle).
    Indi STEEM žetonymy 1000$ nagta öwürşimi bilýäňiz. Ýagny güýç peseltmesinden gelen dagytymy aldym. Munuň bilen birlikde näme üçin hasabymdaky hemme mukdary almadygyma da düşündiňiz, soňra gerek bolýar. Hasabymdaky hemme mukdar STEEM Güýç’e bekedilen ýagdaýda.
    STEEM Güýç’iň harçlanyp bolmaýandygyna üns beriň, ýöne Steemit’daki täsiriňiz üçin STEEM Güýç örän möhim. Buda pulyň nireden gelýändigine düşünmäňize azajyk peýda eder.

    STEEM ŽETONLAR BADA-BAT HARÇLANYP BOLÝAR

    Ikinji gazanjagyňyz zad STEEM žetonlarydyr (umuman STEEM diýilip aňylýar, men şu waglykça STEEM’iň hemme formasy üçin ulanýaryn). STEEM žetonlaryňyzy badyna harçlap bilersiňiz. STEEM žetony bilen göniden köp bir zat alyp bilmejegiňizi bilýärin, ýöne başga kriptowalýuta bilen çalyşyp bilersiňiz meselem Bitcoin (ýagny soňradan Amerkan Dollaryna ýada başka bir pul birligine öwürip bilersiňiz, muny soňra düşündirjek)

    STEEM DOLLARLARY (SBD) MAKLAŇYZY REKLAMA ETMEK ÜÇIN SARP EDIP BOLAR

    Üçünji gazanjagyňyz STEEM Dollarlar, ýada SBD. STEEM Žeton ýaly muny hem öz gezeginde başga kriptowalýuta görbnüşine öwürip bolar (soňra A.B.Ş dollaryna). Munuň bilen birlikde Steemit’de maklany galdyrmak üçin sarp edip bolar, bu bolsa makalanyň has köp bilinmesine hemde köp STEEM gazanmasyna ýol açar. SBD’lary sarp etmän Steemit hasabyňyzda saklap bilersiňiz – kim bilýär soňyny.
    Aslynda STEEM Dollarlary hemişe 1USD nyrhynda bolar ýaly durnukly pul bolmasy niýetlenendir. Soňra 13$ ýaly nyrha bökdi, bu makala ýazylýan wagty 8$ töweregindäki nyrhyna geldi. Görnüşe görä Koreýa asylly UpBit birjasynda listlerde görüneni üçin boldy.

    STEEMIT TORUNDA ULANYŞLY BOLANLYGY SEBÄPLI STEEM’IŇ BIR GYMMATY BAR.

    Hany onda, pul nireden gelýär? STEEM Žetonlary we SBD ikisiniň hem açyk bazarda söwdasy edilýär. Steemit sosial tory içerisinde STEEM Žetony we SBD’nyň özlerine mahsus gymmatlyklary bardyr. Tor içinde täsiriňizi artdyrmak üçin STEEM Žetonlary STEEM Güýç’e öwrip bolýar, SBD’ny bolsa bir makalany galdyrmak/reklama etmek üçin sarp edip bolar. Agzalan her iki hereket adamlaryň has köp STEEM(her görnişinde) gazanmasyna ýol açýar.
    Kollektif proýekt bolan Steemit’in hümmetine STEEM wekilçilik edýär. Steemit’iň içinde STEEM özüne mahsus gymmatlyga eýedir. Bularyň hemmesiniň bir-biri bilen kadaly işlemegi STEEM’iň hümmetiniň saklanmagyna kömek berýär.
    Facebook ýada Twitter ýaly torlar bir baglyk bolsa, bu ýerdäki ulanyjylara Facebook ýada Twitter’iň “hasyl oragyndan” soňra näme galsa şonyň bilen ýetinmek galýar. Steemit ýaly baglykda bolsa hem hasyl paýlaşylýar, hem belli bir bölegini daýhan bazarynda satmak hem bolýar.
    NÄDIP STEEM GAZANMALY?
    Şuýere çenli aýdylanlardan birzat düşünmedik bolsaňyz sustuňuz peselmesin. Iň gowy ýol Steemit’e goşulup (https://steemit.com/pick_account ) ony ulanjak bolmaly. Häzirlikçe size öwrenjeler üçin STEEM we Steemit’iň esaslaryny düşündirdim, indi bolsa makala ýazyp STEEM gazanmany we muny saýlan pul birligine öwürmäni öwretjek.
    Öň hem aýdyşymyz ýaly şu aşakdaky ýagdaýlarda STEEM gazanarsyňyz:
    * Bir mazmun,makala taýarlan wagtyňyz ( makaladan gelen gazanjyň 75%’i awtora berilýär)
    * Bir makalany teswirlän wagtyňyz.
    * Bir makala ýada teswir üçin berekella alsaňyz.
    * Bir makala ýada teswiri berekella berseňiz ( gazanjyň 25%’i berekella aýdan “kurator”lar bilen paýlaşylýar)
    Goşulan wagtyňyzda başlamaňyz üçin azajyk STEEM Güýç berilýär (Bu STEEM Güýji “güýç peselt” edip bolmaýar, ýöne STEEM gazanmaňyza peýdasy deger). Goşulmak üçin şu iki barlagdan geçmelisiňiz maýl adresiňiziň bardygy we SMS kabul edip bilýän telefon belgiňiziň bardygynyň barlagy. Hasaplar elde tassyklanýandygy üçin birnäçe gün gerek. Şol sebäpli mümkin boldykça tiz gatyljak bolmaly.
    Steemit de ýazmanyň çalt baý bolma ýoly bolmadygy meni köp aladalandyrmaýar. Diňe göz ýadawlygy ýerine, awtorlar üçin taýarlan eserleri üçin jemgiýetde pul gazanmalary üçin bir ýol. Bir awtor/ýazyjy bolmak üçin öňüňizde hemişe barýerler bardyr, we hemme bariýerler Steemit ýaly täze ekonomiki modeller bilen ýykylyp bolmaz. Steemit’de ýazgyňyza pul gazanjak bolsaňyz bu bir kyn iş bolar.

    NSFW HAKYNDA DŞÜNDÜRIŞ

    Steemit haýsyda bolsa bir zat hakynda bolan bit tordyr. Adaty ýagdaýda NSFW makalalary gizlenen ýagdaýdadyr üsüne tyklap görmek mümkin. Men şol makalalary hiç hem görmezligi saýlaýaryn – sebäbi işleýärin. Siz NSFW mazmunlary Gurnamalar -> Makla Görkeziş Şahsy gurnamalary (Settings > Private Post Display Settings)menýusyndan aşak açylýan gutujygy “Hemişe Gizle” (“Always hide”) edip set etmek arkaly görünmez ýaly edip bilersiňiz.
    [Terjimeçi düşündirişi : internet žargonynda NSFW : not safe for work ]

    MAKALAŇYZY ETIKTLERE GÖRÄ ÝERLEŞDIRIŇ

    Steemit’däki mazmunlar etiketlere görä saýhallaşdyrylandyr. Belli bir wagtda dürli temalaryň hümmer bolýanlygy sebäpli sebäpli, köp ulanyjy etiketlere görä mazmun gözleýärler, edil Reddit ulanyjylarynyň alt-redditlere goşulyşy ýaly. Tablissalarda iň köp ulanylan etiktlere degişli näçe makalanyň bardygyny we bu makalalardan näçe STEEM gazanç edilendigini görip bilersiňiz (https://steemit.com/tags ).
    Steemit’iň giriş sahypasynyň çepinde bolsa iň rowaçta etiketleri görüp bilersiňiz. Şu makala taýarlanýan wagty iň rowaçtaky etiketler: durmuş, fotograf we steemit. Bu STEEM we beýleki kriptowalýuta baglanşykly mazmunlaryň meýlini görkezsede beýleki temalardan ençeme STEEM gazanylýar.
    Makalaňyz üçin ulanan etiketleriňiz bularyň keşpedilmesine öran köp täsir edýär. Başlan wagtyňyz hasda täsirli etikt seçmek isläp bilersiňiz ýöne olar o diýenli ýörgünli bolmansoň belki üns hem berilmezligi mümkin.
    Seçen etiketiňiz ýörginli etiketler listinde ýok bolsa şol etiketa degişli makala ýazmak gereksiz diýip hasaplamak ýalňyş bolar. Şul adresde steemit.com/trending/[tag name] hakynda ýazmak islän haýsy da bolsa bir temaňyzda makala ýazyň. Şansyňyzy belli bir hereketlenmeden soňra görersiňiz. Meniň faworit makalalaryma degişli bolan - entrepreneurship we productivity - etiketleri ýörgünli etiket listinde görünenok hem, ýöne şonda da ýeterli hereketlenme bar. Hatda bir okaýyjy makalamy entrepreneurship etiketi arkaly keşip edendigini aýtdy.

    BIR ÖZIMHAKYNDA (INTRODUCEYOURSELF) MAKALASYNY TAÝARLAŇ

    Steemit’e gatylandan soňra ilkinji işiňiz özimhakynda (introduceyourself) makalasyny özimhakynda etiketi (introduceyourself tag) (https://steemit.com/trending/introduceyourself ) ady altynda taýarlamalysyňyz. Bu makalany gowy taýarlasaňyz wagtyndan öň gazanan ilk aňsat STEEM gazanmaňyza ýol açar.
    Üstünde “hello Steemit” ýazygly we şol günüň taryhy bolan kagyz alyp surata düşmäňizi maslahat berýän. Suratda dykkat çekiji bolsaňyz (gowy, hakykatdan hem has gowy görünýän bolsaňyz), Twitter ýada Façebook ýaly sosiýal torlarda hem özimhakynda makalaňyzy paýlaşmalysyňyz şeýelelikde adamlar siziň hakykatdan hem sizdigiňize göz ýetirsin. Ynha meniň özimhakynda makalam (https://steemit.com/introduceyourself/@kadavy/hi-i-m-david-kadavy ) , we häzirki wagtda iň ýörginli özimhakynda (https://steemit.com/trending/introduceyourself ) makalalary.

    STEEM BAÝRAGYŇYZ(GAZANÇLARYŇYZ) 7 GÜN SOŇRA GELER

    Makalaňyzyň aşagynda dollar mukdaryny görersiňiz. Bu siziň makalaňyzyň gazanan STEEM baýragynyň USD öwrilen mukdarydyr.
    post-earnings-steemit.png
    Başlangyçda bu ujypsyzja mukdardyr. Käbir makalalaryň ýüzläp müňläp dollar gazanany görersiňiz, şonyň 75% göterimi awtora(siz), 25% göterimi berekella (upvote) eden adamlara gider.
    Ýedi gün soňra makalaňyzyň toplan baýrak mukdaryny girdeji görnüşinde gazanrsyňyz.
    steemit-reedeem-rewards.png
    “Redeem Rewards” / (“Baýragy Tölemek”) düwmesine basyp zaýawka berenden soňra baýragyňyz gapjygyňyza geler. Ilerde näçe gazanyp biljegiňizi öziňiz bilersiňiz. SP diýmek STEEM Güýç (STEEM Power) we SBD bolsa STEEM Dollar diýmek.
    Meň pikirmçe bu zaýawka protsesi hasabat işleri üçin gowy. Egerde siz STEEM’de makala taýarlamany bir iş hökminde ele alýan bolsaňyz, hemişe gazanmak kyn bolup biler. Munuň çylşyrymly taraplaryna girmekçi däl, ýöne öz işimde kriptowalýutany gyzgynjak kartoşka ýaly görýärin: STEEM’i Bitcoina öwürýän, soňra ony hasabatymy aňsat etmek üçin mümkin boldugynça çalt USD’a öwürýän. Birýandan belki ilerde gerek bolar magsady bilen, baýragymyň töleg kwitansiýalaryny we Bitkoin transaksiýalarymy bir tablissa ýazýaryn. ( Harçlanyp bolmaýanlygy sebäpli STEEM Güýç’i bir gazan diýip hasaplamaýaryn – haçanda güýjini STEEM Žeton’a düşürensoň elbette hasaplaýaryn. Salgytlaryňyzy profesýonal şekilde hasaplaň)

    ÖŇINÇÄ STEEM GÜÝÇ DÖREDIŇ, SOŇRA GÜÝÇ DÜŞÜRIŇ

    Başta başta azajyk STEEM Güýç’iňiz bolar, STEEM gazanmaňyz dura bara bolar. Ýöne STEEM Güýç gazandygyňyz saýy köp STEEM (hemme görnişinde) gazanmaga başlarsyňyz. Şonyň üçin başlangyçda her makalaňyza 100% göterim güýç-galdyrma etmäňizi maslahat berýärin.
    Makala taýarlan wagtyňyzda aşak-düýrlenýän menu görersiňiz. Şol ýerden size nähili tölenmesini isleýän bolsaňyz şony seçip bilersiňiz ( ýada umuman nähili töleg arzuw edýän bolsaňyz). Adaty ýagdaýda 50% göterim STEEM Güýç, 50% göterim bolsa SBD şeklindedir. Ileride gazanjyňyzy artdyrmak üçin “100% Power Up” (Güýç Beýgeltme 100% göterim) komandasyny seçmäni maslahat berýän.
    Bu maslahatymy näçe wagt boýunça ýerine ýetirmek size bagly. Gazanjyňyzy toplamaga başlamaly wagtyňyzy, ýada gazanjyňyzy artdyrmak üçin STEEM Güýç’iň näçeräk zerur boljagyny duýmaga başlarsyňyz. Hasabyňyzyň “Gapjyk” (Wallet) bölüminden aşak-düýrlenýän menuden hemişe güýç peseldip bilýändigiňizi ýatda saklaň.
    steem-power-down-e1516026029672.png

    STEEM GÜÝÇ SATYN ALYP BILERSIŇIZ

    STEEM gazanmak üçin STEEM GÜÝÇ toplamaga sabyr edip bilmeýän bolsaňyz STEEM GÜÝÇ (ýada STEEM) satyn alyp bilersiňiz. Bu bir maýa goýum maslahaty däldir. Puluňyzy doly ýitirme töwekelçiligi size bagly. Egerde şu ýagdaýda ýene de dowam etmek isleýän bolsaňyz hasabyňyzyň “Gapjyk” bölüminden “Buy STEEM or STEEM Power”/ “STEEM ýada STEEM Güýç satyn al” düwmesine basyň.

    STEEM KADALARY

    Her pul gazanma işinde boluşy ýaly adamlar mümkin boldugunça köp pul gazanmak üçin STEEM sistemasyny hemişe oýuna getirmäge ymtylýarlar. STEEM’de uly temalaryň biri sistemada ownuk balyklaryň(azajyk STEEM Güýçleri bolany üçin az täsirli we şol sebäpli hem kän gazanyp bilmeýän adamlar) köp mukdarda, kiçiräk bölümi bolsa kitlerden(köp STEEM Güýçleri bolandygy sebäpli köp täsirli we bu täsirleri özlerine, berekella beren kişileriniň köp pul gazanmasyna sebäp bolýan adamlar) emele gelmesidir.
    Steem’de bot’laryň [bot: belli bir işi awtomatiki ýerine ýetirýän programma üpçünçiligi] ýerine ýetiren işlerini görersiňiz. Munuň bilen birlikde köpräk pul gazanmak üçin ençeme mukdarda manysyz teswirler hem görersiňiz, ýada biriniň sosýal toruny döretmek üçin olary yzarlamaňyzy haýyşt edýän islegler. Men bularyň taktikalaryna hem gatylmaýaryn hem olar hakynda pikirlenmeýärin. Meniň strategiýam iň gowy şekilde makala taýarlamak we paýlaşmak. Makalalarym kitler tarapyndan has köp berekella almaga başlady we bu gazanjymda uly tapawutlanmalary döretdi.
    Ulanyşly bir esbap bilýärin ady Streemian (https://streemian.com/ ) (Streemian gynansakda ýatyryldy.) Muny RSS habarlaryny ýaýratmak üçin ulanyp bilersiňiz, ýada olaryň “Fanbase” agzalarynyň makalalaryna awtomatiki usulda berekella berdirip bilersiňiz.

    STEEM’i A.B.Ş DOLLARYNA NÄDIP ÖWÜRMELI?

    Belli bir STEEM ýada SBD ganazandan soňra ony öz ilsän bir pul birligine öwürmek islärsiňiz – meniň ýagdaýymda bu A.B.Ş. Dollary.
    STEEM’i gönümel USD birligine öwürip bolanak. Ýöne Bitkoin’a öwürenden soňra ony USD’na öwürip bolýar. Muny Coinbase hasaby arkaly nähili amala aşyrmalydygyny aýdaýyn. Eger Coinbase hasaby ulanmaýan bolsaňyz, bu gollanma bolmadan da bu protsesi amala aşyrmak üçin tehniki taýdan hünäriňiziň ýetik bardygyny tahmyn edýärin.
    Eger Coinbase hasabyňyz ýok bolsa 10$ lyk Bitcoin gazanyp bilersiňiz / eger şu linkden (https://www.coinbase.com/join/58b080b352d9bc5eb94e37a2 ) hasap açsaňyz we haçanda siz ilk 100$ lyk Bitcoin satyn alsaňyz – elbette meniň tajirçilik hasabym hem peýda görer. Ýene bir gezek aýdýaryn bütün 110$’yň ýitme riski bar. Bu bir maýa goýum maslahaty däldir.

    COINBASE’DA ALYJY HASABYNY TAÝARLAMAK

    Ilkinji Steemit hasabyňyzdan gelen transfer üçin deposit adres döretmelisiňiz.
    Coinbase hasabyňyzda Tools > Addresses bölümine gidiň.
    coinbase-tools-addresses.png

    Aşak düýrlenýän menudan “BTC Wallet” komandasyny seçiň
    “+ Create New Address” komandasyny seçiň
    Adresi seçiň we kopýalaň
    coinbase-addresses.png

    BLOCKTRADES WE STEEMCONNECT ARKALY STEEM’IŇIZI COINBASE’E TRANSFER ETMEK

    Soňra STEEM’iňizi Coinbase’e transfer etmek üçin ýokarda Coinbase’dan kopýalan adresiňizi ulanmaly.
    Ilki blocktrades.us ( https://blocktrades.us/ )adresine gidiň
    “Send” aşak-düýrlenýän menudan STEEM ýada SBD seçiň
    “Receive” aşak düýrlenýän menudan Bitcoin seçiň
    Ugratmak islän STEEM Jeton ýata SBD mukdaryny ýazyň
    “Your receive address”[“Alyjy adresiňiz”] yşaretli ýere Coinbase hasabyňyzda kopýalan alyjy adresini ýelmäň.
    “Get a new Deposit Address.”[“Täze deposit adres alyň”]’a basyň
    blocktrades-steem-to-btc-to-usd-1.png
    SteemConnect tab/bölümi seçigili ýagdaýda ”We’re ready for your trade” [“Biz siziň söwdäňiz üçin taýar”] gutujugyny görersiňiz.
    Steemit ulanyjy adyňyzy giriziň
    “Transfer using SteemConnect.” [“SteemConnect arkaly transfer et”]’e basyň
    steem-blocktrades-steemconnect.png
    SteemConnect barlag/maglumat sahypasyny görersiňiz. “Continue” [“Dowam et”]’e basyň
    SteemConnect-confirm-e1516027523143.png
    Giriş etmeli bolarsyňyz ( Steemit.com hasabynda ulanýan ulanyjy ady we parol ). Bolup biljek aldawa garşy ätiýaçly bolmagyňyzy we steemconnect.com adresinde durýandygyňyzy kontrol etmegiňizi talap edýän (browserda adress gutujuguna seredip)bildiriş görersiňiz.
    ![SteemConnect-e1516027608743.png]
    ()
    Giriş edip transaksiýanyň dogrylygyna göz ýetirmek üçin, Steem hasabyňyzda “Wallet” bölümine serediň. “History” bölüminde amala aşyrylan transaksiýany görersiňiz.
    steemit-transaction-history-e1516027850145.png
    Munuň bilen birlikde Coinbase size STEEM’iňiziň deregine näçe BTC alandygyňyzy we munuň USD garşylygyny bildirýän bir email gönderer.
    coinbase-confirmation-email-e1516027791328.png

    Birnäçe sagat içinde Coinbase hasabyňyzda Bitcoin görersiňiz. Bu işiň birnäçe sagat dowamynda bolup biljekdigini ýatdan çykarmaň, derrew görünmese howsala düşmäň.
    coinbase-bitcoin-balance.png
    Bitcoin siziň Coinbase hasabyňyzda görünendenň soňra (birnäçe sagat alyp biljekdigini ýatdan çykarmaň) Bitcoin’y satyp bilersiňiz we bank hasaplaşyk hasabyňyza ugradyp bilersiňiz.
    “Buy/Sell” üsüne tykladyň
    “Sell” bölümine tykladyň
    “Sell From” aşak düýrlenýän menüsünden “BTC Wallet” seçiň.
    “Deposit To” aşak düýrlenýän menüsünden bankyňyzy seçiň.
    Ugratmak isleýän mukdaryňyzy ýazyň. Men köplenç gutujygyň ýanyndaky “Sell Max” düwmesine basýaryn.
    “Sell Bitcoin”’a tykladyň
    coinbase-withdraw-bitcoin-to-usd.png
    Transaksiýanyň dogrylygynyň barlag sahypasyny görersiňiz. “Confirm Sell”’e basyň
    coinbase-confirm-btc-to-usd-e1516028919149.png
    Üstünlügi bildiren bir sahypa görersiňiz. Bitcoin’leriňiz satylyp bank hasaplaşyk hasabyňyza goýuldy. Bütün bu işler bir hepde wagt alyp biler.
    coinbase-sell-success-btc-to-usd.png

    ÝÖNE . . . HAKYNDA NÄME DIÝMELI?

    Bu işleri ýerine ýetirmek üçin näçe Bitcoin çykdaýjy boldy, çykdaýjylary hasaplamak girdeýjilerden näçeräk ýitgi bolandygyny hasaplamak peýdaly bolar ( we soňky transaksiýa gazanjymdan näçe kemeltdi). Munuň bilen birlikde bank transaksiýalarymyň tutumlaryny hem pikir etmeli. Dogrusy bulary alada etmejek bolýaryn. Meniň aladam diňe makalalarym üçin töleg almak, kriptowalýuta tutasym gelenak. Transaksiýa tutumlary bolsa täjirçiligiň çykdaýjylaryndan biri diňe.
    Tejribelerime görä şular ýaly pikir aladalar we beýleki aladalar bolsa eliňiz işe barmaz. Pikirimçe dert alada gaty köp we soňky kitabym şol hakynda, The Heart to Start ( http://geni.us/F6eL ). Netijede, hemme zad size bagly, hereket etmek üçin gaýga gama batyp oturmaň.
    Eger siz bit yazyjy, sungatçy bolsaňyz we ekenomiki şertler sizi sustupes ýagdaýa düşüren bolsa Steemit size haz gyzykly bolar. Howwa ol çylşyrymly we onda pul gazanmak gaty kyn. Ýöne menä özüme ynanýan, ýada şoňa meňzeşiräk, ýagny bu bir gelejegiň mediasy.
    Bu gollanmanyň STEEM we Steemit’e başlaýanlar üçin peýdaly boljagyna ynanýaryn. Steemit’e gatylyň, özüňiz hakynda makala taýarlaň we meni yzarlaň elbette tersini etmek eliňizde.

    Coin Marketplace

    STEEM 0.28
    TRX 0.12
    JST 0.033
    BTC 61399.80
    ETH 2987.20
    USDT 1.00
    SBD 3.42